BMW öz awtoulaglaryny giňeldilen hakykat äýnegini geýip sürmegi teklip edýär

  • 11.01.2024 12:52
  • 9k+

BMW Las-Wegasdaky CES sergisinde kompaniýanyň geljekki önümçilik awtoulaglaryna ornaşdyryljak birnäçe täzelikleri görkezdi diýip habar beripdik. Olaryň arasynda ulag sürende geýilýän giňeldilen hakykat äýnekleri hem bar diýip, auto.ru habar berýär.

Nemes awtoulag öndürijisi köp ýyllardan bäri giňeldilen hakykat enjamlaryny we awtoulag sürmek prosesini utgaşdyrmagyň üstünde işleýär. Indi inženerler hereket edýän awtoulagda durnukly “üsti ýetirilen” mazmuny almagy başardylar. Bu äýnek nawigator maslahatlaryny we awtoulag duralga goýlanda daş-töweregindäki zatlar bilen baglanyşykly howp duýduryşlaryny we awtoulag duralgalarynda güýmenje mazmunyny görkezmek arkaly sürüjä kömek edip biler.
Şeýle hem, BMW bortdaky media ulgam üçin tanyşdyryş oýun dolandyryjylarynda hem-de emeli aňy we generatiw modelleri ulanyp işleýän ses kömekçisiniň täze wersiýasyny görkezdi. Täze programma üpjünçiliginiň girizilmegi ses kömekçisine ulanyjy bilen has tebigy we ýakyn gatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......