NASA kosmonawtlaryny Aýa 2026-njy ýylyň güýzünde uçurar

  • 10.01.2024 17:50
  • 8.5k+

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwreniş müdirligi (NASA) Artemis II we Artemis III Aýa uçuryş we gonduryş missiýalaryny bir ýyl yza süýşürdi. RBK bu barada ýolbaşçylaryň resmi beýanyna salgylanyp habar berýär.

“Howpsuzlyk ilkinji nobatda durýar we Artemis toparlaryna irki ösüş, amaly we integrasiýa kynçylyklaryny ýeňip geçmek üçin has köp wagt bermek isleýäris. Artemis 2 missiýasy indi 2025-nji ýylyň sentýabr aýyna, 2026-njy ýylyň sentýabr aýyna bolsa Artemis 3 missiýasy meýilleşdirilýär. Bu - adamlaryň Aýyň Günorta polýusyna ilkinji gezek gonuşy bolar. Artemis 4 missiýasy 2028-nji ýylyň sentýabr aýyna meýilleşdirilýär "- diýip, NASA-nyň dolandyryjysy Bill Nelson onlaýn-konferensiýada aýtdy.

Artemis kosmos maksatnamasy Aýda uzak möhletli ylmy gözlegleri geçirmegi we Marsa ekspedisiýa taýýarlanmagy maksat edinýär. Ol birnäçe tapgyrda amala aşyrylýar. Artemis I 2022-nji ýylda Orion kosmos gämisi şol ýylyň awgust aýynda Ýeriň emeli hemrasyna uçurylandan soň, noýabr aýynda Ýuwaş ummanyna gonmak bilen üstünlikli tamamlandy.
Artemis II tapgyry 2024-nji ýylyň ahyrynda dört adamdan ybarat ekipaž bilen Aýa uçuşy göz öňünde tutdy. Artemis III missiýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek kosmonawtlary gondurmagy göz öňünde tutýar.
Artemis IV missiýasy 2028-nji ýylda meýilleşdirilýär, bu Orion kosmiki gämisiniň Aýa uçuşyny we dört kosmonawtyň Gateway Aý orbital stansiýasyna eltilmegini öz içine alýar. Soňkusynyň döredilmegine Ýewropanyň kosmos gullugy hem gatnaşýar.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......