LG öňdebaryjy emeli aň prosessory bilen üpjün edilen OLED telewizorlaryny tanyşdyrdy

  • 09.01.2024 16:29
  • 9k+

«LG Electronics» kompaniýasy «LG-niň» 4 esse tizlikli öňdebaryjy emeli aň prosessory bilen enjamlaşdyrylan we şekiliň ýokary hilini üpjün edýän 2024-nji ýylyň önümçiligine degişli OLED telewizorlaryny tanyşdyrdy.

«LG SIGNATURE OLED M4» we «LG OLED G4» telewizor modelleri «LG» tarapyndan işlenip düzülen täze «Alpha» emeli aň prosessory bilen üpjün edilendir. Ol Bu prosessor telewizoryň öndürijiligini ep-esli artdyrmak arkaly şekiliň we sesiň hilini ýokarlandyrýar.
Bu telewizorlarda has dury şekil üçin her pikseli seljerýän öňdebaryjy ameli-aň-apskeýling tehnologiýasy ornaşdyryldy. Mundan başga-da, olaryň prosessory reňkleri optimizirleýär we şekili has täsirli edýär, «Dynamic Tone Mapping Pro» funksiýasy bolsa şekillere çuňluk we realizm goşýar.
«LG OLED evo» modelleri has ýokary şekil hili üçin «ClearMR1» sertifikasiýasyndan geçdi, 144Hz täzeleniş tizligi, 4K we HDMI 2.1 goldawy ýaly aýratynlyklara bolsa geýmerler ýokary baha bererler.
«LG-niň» 2024-nji ýylyň önümçiligine degişli akylly telewizorlarynda 10 profile çenli ulanmaga mümkinçilik berýän ösen şahsylaşdyrma (personalizasiýa) hem ornaşdyryldy. Täzelenen «webOS» arkaly ulanyjylar öý ekranlaryny aňsatlyk bilen düzüp bilerler.


düýn 10:51
892

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......