Alymlar Parkinson keseli bolan adamlara kömek etjek ekzoskelet döretdiler

  • 09.01.2024 14:43
  • 16k+

ABŞ-nyň Garward we Boston uniwersitetleriniň alymlar topary Parkinson keseli bilen kesellänlere ýykylman we gapdaldan söýeg berilmezden ynamly ýöremäge kömek edýän “ýumşak” ekzoskelet döretdi. Bu barada 3DNews TechCrunch-e salgylanyp habar berdi.

Parkinson keseli bolan adamlar daýanç-hereket ediş agzalarynyň sökelliklerini başdan geçirýärler we el-aýaklarynyň hereketiniň amplitudasynyň gysgalmagy sebäpli ýöremekde kynçylyk çekýärler. Netijede, bu kesele ýolugan hassalar wagtal-wagtal doňup, deňagramlylygyny ýitirip we ýykylyp bilerler. Şol sebäpli olara özbaşdak hereket etmek kyn.
Hünärmenler tarapyndan döredilen ekzoskelet datçikleriň ulgamy arkaly belli bir adamyň ýöreýiş aýratynlyklaryna uýgunlaşýar we aýaklaryna dakylýan hereketlendirijileriň kömegi bilen gerekli pursatda herekete itergi berýär, häsiýetli doňmagy düýbünden ýok edýär.
Parkinson keselinden ejir çekýän 73 ýaşly bir adamda ekzoskelet synagdan geçirilende näsag ýokary tizlikde we doňmazdan köp ýöremegi öwrendi hem-de açyk ýerlerde häsiýetli doňma has seýrekleşdi. Bu adam ýöreýän wagty gürrüňdeş bolmagy hem başardy, ýogsam degişli enjam bolmasa muny etmek kyn bolardy.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......