ULA kompaniýasy Aýa Peregrine modully Vulcan raketasyny uçurdy

  • 09.01.2024 14:39
  • 3.3k+

8-nji ýanwarda Amerikanyň United Launch Alliance (ULA) kompaniýasy Aýa ýük, şol sanda Peregrine gonuş modulyny eltjek  Vulcan raketasyny  uçurdy. TASS-yň habaryna görä, uçuryş kompaniýanyň web sahypasynda ýaýlyma berildi.

Täze raketanyň uçurylyşy ýerli wagt bilen sagat 02:18-de (12:18 aşg.) Kanaweral (Florida ştaty) burnunda ýerleşýän kosmodromdan amala aşyryldy.
Peregrine gonuş moduly Astrobotic kompaniýasy tarapyndan NASA-nyň geljekki missiýalary, şol sanda täjirçilik ýüklerini eltip bermek üçin işlenip düzüldi.
Peregrine 23-nji fewralda Aýa ýeter.
Birnäçe gezek üstünlikli uçurylan ýagdaýynda Vulcan geljekde esasy raketa göteriji  hökmünde kompaniýanyň Atlas V raketasyny çalşyp biler.
Iki basgançakly Vulcan raketasynyň beýikligi 62 m, ösüşi 2014-nji ýylda başlandy. Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos tarapyndan döredilen Blue Origin-niň BE-4 hereketlendirijileri bilen işleýär.


13.06.2026 16:56
2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.8k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6.1k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....