Bişkekde ilkinji gezek Gyrgyzystanyň milli baýdagynyň täzelenen nusgasy galdyryldy

  • 09.01.2024 08:14
  • 15k+

Gyrgyzystanyň paýtagtynda milli baýdagyň täze nusgasynyň galdyrylyş dabarasy geçirildi diýip, respublikanyň hökümetiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.

Çäre Ministrler Kabinetiniň başlygy, Gyrgyzystanyň Prezidentiniň administrasiýasynyň başlygy Akylbek Japarowyň gatnaşmagynda Bişkekiň “Ala-Too” merkezi meýdançasynda geçirildi.
Döwlet baýdagynyň dizaýny bölekleýin üýtgedildi. Indi Gün şöhleleri tolkunly däl-de, göni çyzyklar görnüşinde şekillendirilýär.
Gyrgyzystanyň Döwlet baýdagynyň şekili bolan resmi resminamalaryň ähli görnüşleri olaryň  hereket ediş möhleti gutarýança hem-de awtoulag serişdeleriniň baýdagyň şekili bolan nomer belgileri we ulag serişdesiniň bellige alnandygy hakyndaky şahadatnamalar bolsa degişli edara tarapyndan olary çalyşmak barada karar kabul edilýänçä güýjünde galar.
Ýurduň milli baýdagynyň öňki wersiýasy 1992-nji ýylyň mart aýynda respublikanyň mejlisiniň wekilleri tarapyndan kabul edilipdi we şondan bäri hem dizaýny üýtgemändi.


05.02.2026 22:58
3.1k+

Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady...

13.12.2025 01:06
2.8k+

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny durnukly ösüşiň netijeli binýady diýip atlandyrdy

Türkmenistan öz saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň dogry we strategiki ähmiýetini subut etdi. Bitaraplyk derejesi içerki syýasy durnuklylygy, jemgyýetdäki ylalaşygy üpjün etdi we ýurduň yzygiderli ösüşi üçin berk binýady goýdy diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda çykyşynda aýtdy...

12.12.2025 13:10
7.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda daşary ýurtlaryň Prezidentlerini kabul etdi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän iri halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada ýokary derejeli myhmanlar geldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň Prezidentlerini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde garşylady...

12.12.2025 11:09
3.1k+

Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparow bilen söwda-ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşdy

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Sadyr Žaparow halkara...