Türkiýäniň Türkmenistanda täze ilçisi işläp başlady. Serdar Berdimuhamedow ynanç hatyny kabul etdi

  • 08.01.2024 22:38
  • 9.4k+

8-nji ýanwarda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurtlarymyzyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň hemişe özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýandygyny, halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça, aýratyn hem dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly garaýyşlaryň bolsa meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Türkiýe Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biridir. Söhbetdeşler bu ugurda gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparyna we Işewürlik geňeşine uly ornuň degişlidigini bellediler.
Türkmen hünärmenleriniň we ýaşlarynyň Türkiýede bilim almagy hem-de tejribe okuwlaryna gatnaşmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşmegine ýardam edýär.
Ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyna hem-de bu gatnaşyklaryň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutany aýtdy.


05.06.2026 17:31
1.4k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.8k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....