Dünýäde azyk önümleriniň aglabasynyň bahalary arzanlady

  • 08.01.2024 18:54
  • 14k+

Makroykdysady we sebitleýin gözlegler instituty 2023-nji ýylda dünýäniň azyk bazarlarynda bahalaryň dinamikasyny öwrenip, azyk önümleri üçin ýyllyk baha indeksiniň 124 punkt bolandygy we munuň geçen ýylyň ortaça görkezijisinden 13,7% azdygy baradaky netijä geldi diýip, Daryo.uz habar berýär.

Bütindünýä Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) ýokary üpjünçilik sebäpli däneli ekinleriň 2022-nji ýylyň rekord derejesi bilen deňeşdirilende 15,4% arzanlandygyny belleýär. Ösümlik ýagy üçin bahalar -32,7% bolan üçýyllyk iň pes derejä çenli düşdi.
Süýt önümleri üçin bahalar import ediji ýurtlarda ätiýaçlyklaryň ýokary bolmagy we halkara islegiň gowşaklygy sebäpli 16,6% pese gaçdy.
Et üçin bahalar 3,5% peseldi, bu bolsa importa bolan islegiň ösüşiniň haýallamagy we üpjün ediji ýurtlarda eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr.
Şeýle-de bolsa, bu tendensiýa şekere täsir etmedi, bir ýylda onuň bahasy 26,7% ýokarlanyp, 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi. Bahalaryň ösüşi şeker bazarynda isleg bilen teklibiň balansynyň durnuklylygy baradaky aladalar sebäpli ýüze çykdy. 


26.02.2026 12:29
9.7k+

Dünýäde iň köp ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň reýtingi düzüldi

Dünýäde şeker çiňriginiň ýygnalyşy tas iki milliard tonna ýetdi, bu bolsa ony planetanyň iň köp öndürilýän oba hojalyk ekini edýär diýlip, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) habarynda aýdylýar. Guramanyň 2024-nji ýyl üçin statistiki maglumatlaryna görä, bu ekiniň ýyllyk önümçilik göwrümi 1,94 milliard tonna deňdir...

20.02.2026 17:07
1k+

Rimde Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Rim şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, FAO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili T...

05.02.2026 23:01
1.9k+

Türkmenistanyň DIM-inde FAO bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri we meýilnamalary maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy...

23.01.2026 11:22
869

Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen duşuşyk geçirdi. Myhman şu ýylyň 20 – 23-nji ýanwary aralygynda geçirilýän ýokary derejedäki SPECA hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär...