«Real» we «Efes» toparlary basketbol boýunça Ýewroliganyň taryhynda iň uzak duşuşygy geçirdiler

  • 08.01.2024 17:16
  • 4k+

Ispaniýanyň «Real» (Madrid) topary basketbol boýunça Ýewroliganyň 19-njy tapgyrynyň oýnunda Türkiýäniň «Anadolu Efes» toparyndan üstün çykdy. Madridde geçen duşuşyk ýer eýeleriniň 130:126 (25:18, 13:18, 26:25, 17:20, 49:45) hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy.

Toparlar dört owertaým oýnadylar, bu Ýewroliganyň taryhynda iň uzak oýun boldy diýip, ýaryşyň metbugat gullugy habar berýär. Şeýle hem «Real» we «Efes» jemi 256 utuk toplap, bir oýunda toplanan iň köp utuk boýunça Ýewroliganyň rekordyny goýdular. Ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek toparlaryň biri 130 utuk toplady.
Türk toparynyň goragçysy Şeýn Larkin Ýewroliganyň taryhynda meýdançada 53 minut geçiren ilkinji basketbolçy boldy.
Madridiň topary 17 utuk gazanyp, ýaryşyň sanawynda birinji orny eýeledi. Türk topary ýedi utuk toplap, 15-nji ýerde ýerleşdi.

şu gün 14:53
61

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

şu gün 13:51
1.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 23:43
5.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
7.1k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....