“Altyn globus – 2024” baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 08.01.2024 15:24
  • 12813
“Altyn globus – 2024” baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Lon-Anjelesde “Altyn globus” baýragynyň 81-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Baýrak sany boýunça lider “Oppengeýmer” filmi boldy (5).

Ol “Iň gowy drama filmi” kategoriýasynda ýeňiş gazandy. Iň gowy komediýa filmi “Garyplar-betbagtlar” boldy. Täze “Kinematografik we girdeji üstünlikleri” kategoriýasynda ýeňiji “Barbi” boldy.

Ýeňijileriň doly sanawy şeýle görnüşde:

  • Iň gowy film (drama) – “Oppengeýmer”;
  • Iň gowy film (mýuzikl ýa-da komediýa) – “Garyplar-betbagtlar”;
  • Iň gowy animasion film – “Oglan we guş”;
  • Kinematografik we girdeji üstünlikleri – “Barbi”;
  • Daşary ýurt dilinde iň gowy film – “Ýykylmagyň anatomiýasy”;
  • Iň gowy aktýor (drama) – Killian Mýorfi (“Oppengeýmer”);
  • Iň gowy aktrisa (drama) – Lili Gladstoun (“Gül Aýynyň ganhorlary”);
  • Iň gowy aktýor (mýuzikl ýa-da komediýa) – Pol Jamatti (“Galdyrylanlar”);
  • Iň gowy aktrisa (mýuzikl ýa-da komediýa) – Emma Stoun (“Garyplar-betbagtlar”);
  • Ikinji plandaky iň gowy aktýor – Robert Dauni kiçi (“Oppengeýmer”);
  • Ikinji plandaky iň gowy aktrisa – Dawaýn Joý Rendolf (“Galdyrylanlar”);
  • Iň gowy režissýor – Kristofer Nolan (“Oppengeýmer”);
  • Iň gowy ssenariýa – Žýustin Trie, Artur Harari (“Ýykylmagyň anatomiýasy”);
  • Iň gowy original saundtrek – Lýudwig Goransson (“Oppengeýmer”);
  • Iň gowy original aýdym – What Was I Made For (“Barbi”);
  • Iň gowy teleserial (drama) – “Mirasdüşerler”;
  • Iň gowy teleserial (mýuzikl ýa-da komediýa) – “Aýy”;
  • Iň gowy telefilm, serial ýa-da mini-serial – “Garpyşyk”;
  • Drama serialynda iň gowy aktýor – Kiran Kalkin (“Mirasdüşerler”);
  • Drama serialynda iň gowy aktrisa – Sara Snuk (“Mirasdüşerler”);
  • Mýuziklde ýa-da komediýada iň gowy aktýor – Jeremi Allen Uaýt (“Aýy”);
  • Mýuziklde ýa-da komediýada iň gowy aktrisa – Aýo Edebiri (“Aýy”);
  • Ikinji plandaky iň gowy aktrisa – Elizabet Debiki (“Täç”);
  • Ikinji plandaky iň gowy aktýor – Metýu Makfedien (“Mirasdüşerler”);
  • Mini-serialda/antologiýada/telefilmde iň gowy aktrisa – Ali Wong (“Garpyşyk”);
  • Mini-serialda/antologiýada/telefilmde iň gowy aktýor – Stiwen Ýan (“Garpyşyk”);
  • Telewideniýede stendap-komediýada iň gowy çykyş – Rikki Jerweýs (Rikki Jerweýs: Armageddon).
26.02.2024 14:38
12919

ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasy: “Oppengeýmeriň” hasabyna ýene bir baýrak goşuldy

Kristofer Nolanyň “Oppengeýmer” filmi ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasynyň baýragyna mynasyp boldy. Bu barada baýragyň saýtyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Filmde amerikaly fizik Robert Oppengeýmeriň keşbini...

23.02.2024 18:41
5562

Režissýor Greta Gerwig «Time» žurnaly tarapyndan «Ýylyň zenany» diýlip yglan edildi

«Barbi» filminiň režissýory Greta Gerwig «Time» žurnaly tarapyndan «Ýylyň zenany» diýlip yglan edildi. Bu barada neşiriň web sahypasynda beýan edilýär. «Soňky bir ýylda Greta Gerwigiň «Barbi» filminden has täsirli...

23.02.2024 17:42
3714

Teýlor Swift 2023-nji ýylyň iň köp satylan aýdym-saz ýerine ýetirijisi boldy

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift yzygider ikinji ýyl iň köp satylan aýdym-saz ýerine ýetirijisi boldy. Bu barada Halkara ses ýazgysy federasiýasynyň (IFPI) 2023-nji ýyl üçin hasabatyna salgylanyp, TASS habar berýär...

22.02.2024 18:44
3768

«The Beatles» toparynyň her agzasy barada aýratynlykda film surata düşüriler

«The Beatles» britan rok toparynyň dört agzasynyň her biri barada biografik film surata düşüriler. Bu barada «Deadline» habar berýär. Filmlere Sam Mendes («1917», «Amerikan gözelligi») režissýorlyk eder, «Sony...