Kristofer Nolanyň “Oppengeýmer” filmi bäş “Altyn globusa” eýe boldy

  • 08.01.2024 14:53
  • 4.5k+

Režissýor Kristofer Nolanyň “Oppengeýmer” terjimehal filmi “Iň gowy drama filmi” kategoriýasynda “Altyn globus” baýragyna eýe boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy “Altyn globusyň” saýtynda ýaýlyma berildi.

Bu kategoriýada “Oppengeýmerden” başga-da, Martin Skorsezeniň “Gül Aýynyň ganhorlary”, Bredli Kuperiň “Maestro”, Selin Sonyň “Geçen ömürler”, Jonatan Gleýzeriň “Gyzyklanma zolagy” we Žýustin Trieniň “Ýykylmagyň anatomiýasy” filmi bardy.
Kristofer Nolanyň özi altynjy synanyşygynda “Iň gowy režissýor” boldy, baş keşbi ýerine ýetiriji irlandiýaly aktýor Killian Mýorfi bolsa drama dilminde iň gowy erkek keşbi üçin “Altyn globusa” mynasyp boldy.
Şeýle-de, “Oppengeýmer” filmi iň gowy original saundtrek (kompozitor Lýudwig Ýoransson) hem-de ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi (Robert Dauni Kiçi) üçin sylaglandy.

düýn 23:49
869

Louis Vuitton we Pinarello bilelikde welosiped nusgasyny döretdiler

Louis Vuitton kompaniýasy konseptual welosiped döretdi. Ol Parižde geçirilýän Moda hepdeliginiň çäginde Louis Vuitton-yň erkekler üçin 2027-nji ýyl ýaz-tomus toplumynyň görkezilişinde tanyşdyryldy....

11.06.2026 13:03
7.6k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....