Geçen ýyl Hytaýyň kino bazary 2019-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

  • 08.01.2024 13:21
  • 6.7k+

2023-nji ýylyň jemi boýunça Hytaýyň kinoteatrlarynda 54,91 milliard ýuanlyk (7,75 milliard dollar) petek satyldy diýip, Sinhua gullugyna salgylanýan INTERFAX habar berýär.

2022-nji ýylda ýygymlar bary-ýogy 30 milliard ýuandan gowrak bolupdy.
Hytaýyň kinoteatrlarynda iň meşhur filmler Hytaýda öndürilen filmlerdir – geçen ýyl kassa ýygymynyň umumy girdejisiniň 83,8% -ini (46 milliard ýuandan gowrak) şolar düzdi.
2023-nji ýylda iň köp girdeji getiren film “Bol suwly gyzyl derýa” komediýasy boldy. “Sergezdan Ýer II” atly ylmy-hyýaly blokbaster ikinji ýeri eýeledi. Ilkinji üçlügi “Başga goýum ýok” kriminal dramasy bilen tamamlady.
Şol bir wagtyň özünde, 1-nji ýanwarda tamamlanan üç günlük dynç alyş Hytaýyň kino bazary üçin taryhda iň üstünlikli boldy. Kino studiýalary bu gysga möhletde, takmynan, 1,53 milliard ýuan töweregi girdeji gazandy. Öňki Täze ýyl rekordy 2021-nji ýylda hasaba alnyp, 1,3 milliard ýuan bolupdy.
Täze ýyl kassa ýygymynyň iň köp paýy (takmynan 40%) adybir meşhur teleseriala esaslanan “Ýiti ýyldyz ýylpyldaýar, nur saçýar” romantik filmine degişli boldy. Ol dynç alyşly baýramçylyk günlerinde 608 million ýuan gazandy.


11.06.2026 14:01
7.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.6k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......