SpaceX smartfonlara göni birikdirilen ilkinji Starlink hemralaryny uçurar

  • 08.01.2024 13:18
  • 7.6k+

SpaceX kompaniýasy öz Falcon 9 raketasynda 21 sany Starlink emeli hemrasynyň uçurylandygyny resmi taýdan habar berdi. Olaryň goýberilişi 2-nji ýanwarda Kaliforniýadaky Wandenberg kosmos güýçleri bazasyndan amala aşyryldy. Ol alty hemranyň öýjükli tora göni birikdiriliş (DTC) funksiýasynyň ilkinji çykyşy bilen dabaralandy.

IXBT.com Ilon Maskyň sözlerine salgylanyp: "Bu smartfonlara dünýäniň islendik ýerinde aragatnaşykda bolmaga mümkinçilik berer. Her şöhle diňe 7 Mbit töweregi goldawy berip biler."
SpaceX -iň baş direktory munuň öýjükli örtüksiz ýerler üçin ajaýyp çözgütdigini, ýöne DTC-niň aýratynlygynyň bar bolan ýerüsti ulgamlar bilen
bäsleşmek üçin döredilmändigini aýtdy.

SpaceX -iň resmi web sahypasyna görä, gönüden-göni birikmek hyzmaty bar bolan smartfonlar bilen enjamlary, programma üpjünçiligini ýa-da ýörite programmalary üýtgetmezden, “tekst, ses we maglumat elýeterliligini” gazanmak üçin ulanylyp bilner.
Başgaça aýdylanda, ulanyjylara, Huawei we beýleki kompaniýalaryň häzirki tehnologiýalaryndan tapawutlylykda, hemralara göni birikdirilmek üçin hemra arkaly işleýän täze smartfon satyn almak zerurlygy ýok.
Analitikler tehnologiýanyň 2024-nji ýyldan başlap tekst arkaly habarlaşmaga mümkinçilik berjekdigini we 2025-nji ýyldan başlap sesli jaňlara we web sahypalaryna goldaw berjekdigini çaklaýarlar.


23.05.2026 15:01
3.6k+

SpaceX adamzat taryhynda iň uly raketa bolan Starship-i üstünlikli uçurdy

SpaceX amerikan kompaniýasynyň geljekde Aýa we Marsa uçuşlar üçin niýetlenen, Super Heavy V3 göteriji raketasy bolan Starship super-agyr kosmos ulgamynyň synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Uçuş 22-nji......

22.05.2026 08:14
3.2k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......

19.05.2026 23:21
2.4k+

Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin......

15.05.2026 12:36
2.7k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......