Parižde Türkmenistanyň energetika ulgamy boýunça maýa goýum forumy geçiriler

  • 08.01.2024 11:44
  • 4.4k+

24-25-nji aprelde Fransiýanyň Pariž şäherinde Türkmenistanyň energetika ulgamyna halkara maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum  geçiriler. Bu barada OGT-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Bu halkara forumyň maksady Türkmenistanyň energiýa pudagynyň ähli ulgamlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we energiýa pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebit dialogyny berkitmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat bolup durýar.
Forumyň dowamynda nebiti we gazy öndürmek, daşamak we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.
Türkmenistanyň energetika ulgamyna halkara maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma diňe bir Türkmenistanda bolman, eýsem tutuş sebitde nebit we gaz pudagynyň geljegini kesgitleýän öňdebaryjy milli we halkara energiýa kompaniýalary, şeýle hem bilermenler gatnaşarlar.
Halkara Forumyň maksatnamasy Türkmenistanyň energiýa pudagyna maýa goýumlaryny çekmekden başga-da, energiýanyň geljegi ýaly mowzuklara ýagny, täze döwrüň energiýasy, içerki we sebitleýin ösüşiň geljegi, uglewodorod ýataklaryny özleşdirilmegiň daşky gurşaw taraplary, energetika ugruna geçmekligi gözleg we ösüş arkaly tizleşdirmek ýaly mowzuklara bagyşlanar.


düýn 17:29
6.2k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......