Windows üçin klawiaturalarda AI kömekçisini işe girizmek üçin Copilot düwmesi peýda bolar

  • 07.01.2024 18:22
  • 2.9k+

Microsoft kompaniýasy ulanyjylara bir gezek basmak bilen AI kömekçisi bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän, noutbuklar we Windows kompýuterleri üçin klawiaturalara täze Copilot düwmesini birikdirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi diýip, The Verge neşirine salgylanýan 3DNews habar berýär.

Kompaniýa soňky üç onýyllygyň içinde klawiaturanyň düzülişine düýpli üýtgeşme girizmedi, bu Microsoft-yň emeli aň tehnologiýasyny birleşdirmekde ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.
Microsoft-yň wise-prezidenti we sarp edijiler marketinginiň bölüm başlygy Ýusuf Mehdi: "Biz muny Windows bilen syýahatymyzda ýene bir üýtgeşik pursat hökmünde görýäris, bu ýerde Copilot emeli aň dünýäsine girilýän nokat bolar" –diýip gürrüň berdi.
Täze Copilot düwmesi klawiaturalaryň köpüsinde sag tarapky Alt-yň gapdalynda ýerleşýän menýu düwmesini çalşar. Bu düwmä basylsa, ChatGPT çat-boty ýaly dürli soraglara jogap berip we Windows-yň içinde käbir hereketleri ýerine ýetirip bilýän Windows 11-de gurlan AI kömekçisi işe giriziler.
Eger Copilot ulanyjynyň ýaşýan sebitinde entek ýok bolsa, Copilot düwmesini bassaňyz, Windows gözlegi başlar. Copilot düwmesiniň Windows düwmesine meňzeş usulda beýleki düwmeler bilen bilelikde nähili ulanylyp bilinjekdigi entek belli däl.
Microsoft haýsy OEM-öndürijileriň Copilot düwmeli klawiatura öndürip başlajakdygyny entek anyk aýtmady. Geljek hepde Las-Wegasda geçiriljek CES 2024 sergisinde bu barada has jikme-jik gürrüň bererler. Şol bir wagtyň özünde Mehdi Copilot açarynyň ýakyn wagtda “ekoulgam boýunça hyzmatdaşlarymyzyň Windows 11-li täze kompýuterlerde”, şeýle hem Surface enjamlarynda peýda boljakdygyny aýtdy.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......