Täze Hyundai Creta-nyň resmi suratlary çap edildi

  • 07.01.2024 17:27
  • 7.5k+

Hyundai täze Creta krossowerini 16-njy ýanwarda Hindistanda resmi taýdan satuwa çykarar, ýöne şereket eýýäm awtoulagyň suratlaryny çykardy we deslapky sargytlaryň kabul edilip başlanandygyny mälim etdi diýip, ixbt.com habar berýär.

 

Täze Creta täze Santa Fe-niň ruhunda “piksel” yşyklandyryş tehnologiýasyny alar. Krossower has agraslaşar we wagşyýana bolar.
Awtoulagyň içi hem düýpgöter üýtgär: täze Creta diagonaly 12,3 dýuýmlyk iki sany ekranly egri paneli alar. Dogry, bu “kaşaňlyk” diňe ýokary bezeg derejelerinde elýeterli bolar, esasy wersiýalarynda enjamlar has ýönekeý.

 

Hereketlendirijiler üç görnüşde hödürlenýär - hemmesem 1,5 litrlik. Ýokarky wersiýasynda göni sanjymly (1.5 Kappa Turbo GDi) turbo görnüşli benzinli hereketlendiriji bolar. Şeýle hem dizel hereketlendirijisi (1.5 U2 CRDi) bar. Esasy wersiýasynda paýlanan sanjymly (1.5 MPi) atmosfera benzin hereketlendirijisi bolar.

Hyundai Creta dört dişli geçiriş görnüşini hödürleýär: 6 tizlikli el bilen geçiriş, CVT, 7 tizlikli “robot” we 6 tizlikli “awtomat”.
Bahalar ilkinji resmi görkeziliş güni yglan ediler, ýöne kompaniýa öňünden sargytlary 300 dollar goýum bilen kabul edýär.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....