Milliarder Bernar Arnonyň ogly LVMH-iň sagat brendleriniň bölümçesine ýolbaşçy boldy

  • 07.01.2024 16:41
  • 14k+

Milliarder Bernar Arnonyň ogly Frederik LVMH kompaniýalar toparynyň topara degişli bolan sagat öndüriji brendleri dolandyrjak täze bölümçesiniň müdiri bellenildi. Bu barada kompaniýanyň içerki resminamasyna salgylanyp, BFMTV teleýaýlymy habar berýär.

Häzire çenli Arnonyň 29 ýaşly ogly Şweýsariýanyň lýuks sagatlary we hronometrleri öndürijisi TAG Heuer-iň baş müdiri bolupdy, ol bu wezipäni 2020-nji ýyldan bäri eýeleýärdi. Frederik öz karýerasyna kakasyna degişli bolan LVMH toparynda 2017-nji ýylda sanly tehnologiýalar we aragatnaşyk boýunça ýolbaşçy wezipesinden başlady.
LVMH Montres bölümçesi Hublot, Tag Heuer we Zenith brendlerini öz içine alýar. Teleýaýlymyň salgylanýan resminamasyna görä, Frederik Arno täze wezipesinde şaý-sepleri öndüriji Chaumet, Tiffany&Co, Bulgari, Fred we Repossi brendlerine gözegçilik edýän has uly bölümçe Montres & Joaillerie-niň ýolbaşçysynyň öňünde hasabat berer.


04.04.2025 11:28
7.1k+

Forbes: ilkinji gezek birbada 3 milliarderiň baýlygy 200 mlrd dollardan geçdi

Forbes neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawyň taryhynda ilkinji gezek birbada üç adamyň baýlygy 200 mlrd dollardan geçdi. Birinji orny Tesla, SpaceX we ýakynda döredilen XAI...

28.02.2025 11:43
13k+

Mask supermilliarderleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Reýtingde jemi 24 adam bar

ABŞ-nyň hökümetiniň iş netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça edarasynyň (DOGE) ýolbaşçysy Ilon Mask supermilliarderleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu reýtinge bütin dünýä boýunça bary-ýogy 24 adam girýär...

30.12.2024 15:04
7k+

Bernar Arno 2024-nji ýylda iň kşp ýitgi çeken milliarderleriň anti-reýtinginde birinji boldy

2024-nji ýylda milliarderleriň sanawynda birinji ýeri eýelän, iň iri, kaşaň önümleri öndüriji LVMH-iň baş direktory Bernar Arnonyň baýlygy 2024-nji ýylda ep-esli azaldy. Business Insider-iň berýän maglumatlaryna...

04.10.2024 22:01
4.2k+

LVMH kompaniýasy “Formula-1-iň” täze hemaýatkäri boldy

“Formula-1” çempionatynyň eýesi Liberty Media holdingi LVMH lýuks ägirdi bilen 10 ýyllyk şertnama baglaşdy. Onuň çäklerinde hyzmatdaşlyga Louis Vuitton, Moet Hennessy we TAG Heuer ýaly birnäçe meşhur brendler gatnaşar...