2023-nji ýyl Fransiýada ikinji iň yssy ýyl boldy

  • 07.01.2024 16:42
  • 4.1k+

2023-nji ýyl Fransiýada gözegçiligiň taryhynda iň yssy ýyllaryň sanawynda ikinji boldy. Bu barada Meteo France meteorologiýa gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.

“Selsiý boýunça 14,4 gradus ortaça temperatura bilen 2023-nji ýyl Fransiýada 2022-nji ýyldan soň ikinji iň yssy ýyl boldy. Ortaça ýyllyk temperatura 1991-2020-nji ýyllaryň howa kadasyndan 1,4 gradus ýokary boldy” – diýlip, hasabatda aýdylýar.

Reýtingde birinji orny 2022-nji ýyl eýeleýär, bu ýylda Fransiýada ortaça temperatura 14,5 gradus boldy.
Ýeri gelende ýatlap geçsek, Ýewropanyň howany öwrenmek boýunça Copernicus programmasynyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýyl dünýäde iň yssy ýyl boldy.
Şeýle-de, meteorologlar Fransiýanyň dürli sebitlerinde ygal derejesinde düýpli tapawudyň bardygyny belleýärler. Eger tutuş ýurt boýunça ygal kadaly derejede bolan bolsa, ýurduň demirgazygyndaky Pa-de-Kale departamentinde 15-nji oktýabrdan 4-nji ýanwar aralygynda 500 mm-den gowrak ygal düşdi, bu bolsa adatdakysyndan iki esse ýokarydyr, käbir ýerlerde ygal derejesi 800 mm-den geçdi. Demirgazyk Alplarda we O-de-Frans demirgazyk sebitinde-de ygal güýçli boldy. Munuň tersine, Langedok we Russilon sebitlerinde, şeýle-de Korsika adasynda birnäçe ýyl bäri ygal ýetmezçiligi hasaba alynýar.


şu gün 08:06
786

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

09.06.2026 23:10
2.6k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.2k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....