DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Serdar Berdimuhamedowyň kitaby tanyşdyryldy

  • 06.01.2024 21:37
  • 6.9k+

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, institutyň professor – mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Dabarada Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý. Keriýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara  gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegi netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar esasynda mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça zerur bolan işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldawlar berilýär.
Şeýle-de, çykyşlarda döwlet Baştutanynyň ýaşlaryň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gazanan üstünliklerine hem-de ýeten sepgitlerine bagyşlanan eseri şu günki we geljekki türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin ýankitaba öwrüljekdigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, esasy üns «Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin strategiýasyna» çekilip, onuň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýaşlara dürli halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga mümkinçilik döredilendigi barada aýdyldy.

Soňra, tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar 2023-nji ýylda talyplaryň bilimde, ylymda, sportda we beýleki ulgamlarda gazanan üstünliklerini görkezýän sergi bilen tanyşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......