Magtymguly adyndaky TDU-da «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyň tanyşdyrylyşy geçirildi

  • 06.01.2024 16:26
  • 5.5k+

5-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berilýär.

Dabara ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mugallymlardyr talyplar, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy görkezildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu kitaby ýaşlar bilen baglanyşykly döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny, bu babatda öňde durýan möhüm wezipeleri amala aşyrmakda maslahatdyr pikirlerini, tejribelerini öz içine alýar. Täze eser ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işini ösdürmekde, kämilleşdirmekde, ýaşlary belent watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr. Tanyşdyrylyş dabarasynda hem bu boýunça çykyşlara giň orun berildi.


20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......