Nvidia-nyň H100 çipi emeliň aň ulgamynda iň meşhur önüm boldy. Onuň bahasy BMW bilen deň

  • 06.01.2024 13:01
  • 5.4k+

Nvidia Corp.-dan emeli aňy tizlendiriji H100 çipi 2023-nji ýylda AI ulgamynda örän uly  meşhurlyk gazandy diýip, Bloomberg habar berýär. Çipiň bahasy - 57 müň dollar diýip, neşir ony ortaça BMW awtoulagynyň bahasyna barabar diýip bahalandyrdy.

Bloomberg-iň anyklamagyna görä, Nvidia çipi AI-ni ösdürmäge mümkinçilik berýän tehnologiýanyň möhüm bölegine öwrüldi. 80 milliard tranzistor arkaly H100 OpenAI-iň ChatGPT ýaly amaly programmalaryny güýçlendirýän iri dil modellerini taýýarlamak üçin esasy işçi güýjüdir. Ösüşiň netijesinde Nvidia AI çip bazarynda agalyk ediji orny eýelemegi başardy.
Şeýle-de bolsa, H100-iň möhüm kemçiligi bar - Nvidia-nyň Advanced Micro Devices Inc. we Intel Corp. ýaly gönüden-göni bäsdeşleriniň ýokary öndürijiliginiň fonunda çipler haýal çykarylýar. Bu esasy tehnologiýa oýunçylaryny bazardaky öňdebaryjy orunlary eýelemek üçin 2023-nji ýylda has köp maýa goýmaga mejbur etdi.
Nvidia-тyň baş direktory Jensen Huang 2016-njy ýylda GPU-laryň köne nesli bilen OpenAI-iň ilkinji AI serwerini açanda, bu çipleriň ýakyn wagtda ChatGPT-dan ylhamlanan öwrülişikde nähili rol oýnap biljekdigi hiç kimiň  kellesine gelmedik bolsa gerek.
Şol wagt Nvidia grafiki kartlary maşyn öwrenmek däl-de, wideo oýunlaryň bir görnüşidi. Ýöne Huang eýýäm şol wagt olaryň parallel hasaplama diýlip atlandyrylýan özboluşly arhitekturasynyň, Intel modelleriniň adaty kompýuter prosessorlaryna garanyňda, AI modelleriniň talap edýän köp mukdardaky maglumatlary bir wagtda gaýtadan işlemek üçin has amatly boljakdygyna eýýäm düşünipdi.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
965

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...