Microsoft emeli aňly ilkinji kompýuterleri çykarar

  • 06.01.2024 12:02
  • 3k+

Microsoft korporasiýasy Surface markaly noutbuklaryny we planşetlerini täzelemäge taýýarlanýar. Enjamlar emeli aň (AI) funksiýalaryny goldaýan nerw prosessorlarynyň täze nesli bilen enjamlaşdyrylar diýip, Windows Central portalynyň baş redaktory Zak Bouden çeşmelere salgylanyp habar berdi. Onuň sözlerine görä, Surface Pro 10 we Surface Laptop 6 ARM arhitekturasy ýa-da Intel prosessorlarynyň 14-nji nesli esasynda Qualcomm Snapdragon X çipleri bilen üpjün ediler.

Surface -  Microsoft tarapyndan işlenip düzülen enjamlaryň tapgyry. Onuň ilkinji önümi 2012-nji ýylda dünýä bazaryna çykdy.
Täze enjamlar 2024-nji ýylyň ýazynda Microsoft-yň emeli aňly kompýuterleriniň ilkinji nesli hökmünde hödürlener. Qualcomm çiplerine esaslanýan enjamlar Cadmus adyny alar diýen çaklama bar. Bu tehnika Hudson Valley diýlip atlandyrylýan Windows operasiýa ulgamynyň täze wersiýasy üçin ýörite işlenip düzüldi.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......