TmCars ykjam goşundysy tehniki düzediş işlerinden soň, ýene-de işläp başlady

  • 04.01.2024 15:40
  • 30k+

Iki gün dowam eden tehniki düzediş işlerinden soň, TmCars ykjam goşundysy ýene-de işläp başlady. Ykjam goşundy Android hem iOS smartfonlarynda, şeýle hem saýt görnüşinde doly derejede hereket edýär.

Türkmenistanyň we älem-jahanyň habarlaryny, täzeliklerini, ildeşlerimiziň satmak isleýän harytlaryny, telekeçilerimiziň halka hödürleýän hyzmatlaryny we beýleki bildirişlerini köpçülige dessin ýetirmekde 6 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edip gelýän TmCars ykjam goşundysynda her gün ortaça 10 müňden gowrak bildiriş goýulýar. Goýulýan bildirişler her gün ortaça 20 milliondan gowrak gezek görülýär.
Diňe Android smartfonlarynda TmCars 1 milliondan gowrak gezek ýüklenip alyndy. Munuň üstüne iOS smartfonlaryny hem goşsaň, bu san has-da artýar. Her günde ortaça 300 müňden gowrak adam TmCars-dan işjeň ýagdaýda peýdalanýar.
TmCars tutuş Türkmenistan boýunça bildirişler, habarlar we mahabatlar bilen bir ykjam goşundyda tanyşmaga mümkinçilik berýän köpugurly onlaýn platformadyr.
Barha artýan ulanyjylarynyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen tehniki düzediş işleriniň geçirilen günlerinde biziň bilen galanyňyz üçin TmCars Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýar!

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......