Şweýsariýada resmi taýdan Prezident çalyşdy

  • 04.01.2024 12:51
  • 6.6k+

Şweýsariýanyň Goranmak, ilaty goramak we sport ministrligine ýolbaşçylyk eden Wiola Amgerd 2024-nji ýylda ýurduň Prezidenti boldy.

Köp ýurtlardan tapawutlylykda, Şweýsariýanyň prezidentiniň hakyky ygtyýarlyklarynyň ýokdugyny bellemek gerek, olary tutuş ýurduň adyndan köpçülikleýin gurama - Federal Geňeş amala aşyrýar. Ýedi agzanyň her biri rotasiýa esasynda bir ýyllyk Prezident bolýar.
Amgerd - Şweýsariýanyň Goranmak ministrligine ýolbaşçylyk eden ilkinji aýal. Ol 2023-nji ýylyň dowamynda Prezident wezipesini eýelän Alen Berseniň ýerine geçýär.


düýn 14:21
1.9k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.5k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...

05.03.2026 05:58
5.9k+

Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär...

18.02.2026 17:02
2.6k+

Sanae Takaiti Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy

Ýaponiýanyň parlamentiniň ýokary palatasy Sanae Takaitini ýurduň 105-nji premýer-ministri hökmünde saýlady. NHK telekanalynyň berýän habaryna görä, ses berilişik hanym Takaitä ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň takyk ýarysyny toplamak üçin bary-ýogy birje sesiň ýetmezçilik edendigi sebäpli iki tapgyrda geçirildi...