Gar barsy Gyrgyzystanyň milli nyşany boldy

  • 04.01.2024 12:41
  • 7.1k+

Gar barsy Gyrgyzystanyň milli nyşany boldy, degişli Permana Prezident Sadyr Žaparow gol çekdi.

«Gadymy gyrgyz halkynyň medeniýetinde gar barsy beýikligi, asyllylygy, batyrlygy, gaýduwsyzlygy we çydamlylygy alamatlandyrýardy. Şonuň üçin rowaýatlara görä, bars beýik Manasyň totem haýwanydy» diýip, Prezidentiň metbugat gullugy habar berýär.

«Manas» gyrgyz halk döredijiliginiň epiki eseri bolup, pälwan Manasyň gahrymançylyklary barada gürrüň berýär. Epos ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň dilüsti we maddy däl medeni mirasynyň ajaýyp eserleriniň sanawyna, şeýle hem dünýäniň iň göwrümli eposy hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi.
Gar barsy 12 ýurtda seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan görnüş derejesine eýedir. Onuň ýaşaýan çägi Merkezi Aziýanyň daglaryndan başlap, günortada Tibete we demirgazykda Altaýa çenli uzaýar.
Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetine gar barslarynyň sanyny, şeýle hem onuň Respublikadaky ekoulgamyny goramak üçin çäreleri görmek tabşyryldy.


05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

28.03.2026 23:25
12k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek öz milli walýutasyny çap edip başlady

Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ilkinji gezek milli walýutasy bolan somy özbaşdak çap etmäge girişdi. Bu barada ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow mälim etdi....

05.02.2026 22:58
3.2k+

Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady...

13.12.2025 01:06
2.8k+

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny durnukly ösüşiň netijeli binýady diýip atlandyrdy

Türkmenistan öz saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň dogry we strategiki ähmiýetini subut etdi. Bitaraplyk derejesi içerki syýasy durnuklylygy, jemgyýetdäki ylalaşygy üpjün etdi we ýurduň yzygiderli ösüşi üçin berk binýady goýdy diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda çykyşynda aýtdy...