Türkmenistanda daşky gurşaw we ekologiýa howpsuzlygy babatda döwlet talaplary tassyklanyldy

  • 04.01.2024 12:06
  • 4.7k+

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet talaplaryny tassyklady. Degişli hukuk resminamasy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2023-nji ýylyň 26-njy dekabrynda döwlet belligine alyndy.

Resminamada:

  • Türkmenistanda hojalyk we beýleki işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslaryň işine;
  • jaýlar, desgalar we beýleki obýektler taslamalaşdyrylanda, ýerleşdirilende, gurlanda, durky täzelenilende, ulanyşa girizilende, ulanylanda we ýykylanda;
  • Senagat, energetika, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk desgalary ulanylanda;
  • Şäherler we beýleki ilatly ýerler gurlanda;
  • Himiki maddalar ulanylanda;
  • Tebigaty galmagalyň, wibrasiýanyň, magnit meýdanlarynyň, infragyzyl şöhlelenmäniň we beýleki zyýanly fiziki täsirleriň zyýanly täsirlerinden goramakda;
  • Tebigaty zyýanly biologik täsirden goramakda;
  • Galyndylar bilen işlenilende bildirilýän döwlet talaplary beýan edilýär.

Bu döwlet talaplarynyň kadalarynyň berjaý edilişine Ygtyýarlandyrylan edara gözegçilik edýär.
Döwlet talaplarynda bellenen kadalaryň berjaý edilmezligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
Daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet talaplarynyň doly görnüşini şu salgydan okap bilersiňiz.


düýn 22:17
501

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......