Türkmenistanda uzak aralykly bilim tehnologiýalary arkaly okuw işini guramagyň Tertibi tassyklanyldy

  • 04.01.2024 12:03
  • 4.9k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Bilim edaralarynda elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň Tertibini tassyklady.

Degişli hukuk resminamasy 2023-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alyndy.
Bu Tertip hünär-tehniki bilim, orta hünär bilimi, ýokary hünär bilimi, ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimini amala aşyrýan, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan we olary gaýtadan taýýarlaýan, okuwçylaryň mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralary we bilim işini amala aşyrýan beýleki edaralar tarapyndan elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalary ulanylyp geçirilýän bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.
Resminamada bellenilişi ýaly, «Umumy bilim edarasy, bilim işine gatnaşýanlaryň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň döremegi bilen baglylykda, okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklaryna esaslanýan tehnologiýalary doly möçberde ulanmak mümkinçiliginiň bolmadyk halatynda, bilim maksatnamalaryny elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly durmuşa geçirip biler».
Elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalarynyň çäklerinde geçirilýän okuw sapaklary okuw otaglarynda (synp otaglarynda) geçirilýän okuw sapaklar, şeýle hem özbaşdak işler üçin hem deňdir.
Bilim edarasynda elektron okuwy we (ýa-da) uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okatmaga başlamak üçin aşakdakylaryň bolmagy hökmany şertdir:

1) her bir bilim maksatnamasy boýunça okuw meýilnamalarynyň dersleriniň (tapgyrlaryň, modullaryň, okuwlaryň) okuw maksatnamalarynyň ählisi boýunça elektron okuw-usulyýet toplumlarynyň;
2) elektron kitaphananyň;
3) maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň;
4) maglumat-telekommunikasiýa torlarynyň;
5) beýleki tehniki we tehnologik serişdeleriň.

Bilim edaralarynda elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň Tertibiniň doly görnüşi bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......