Emiliýa Klark Britaniýa imperiýasynyň ordeniniň kawaleri boldy

  • 04.01.2024 12:39
  • 11k+

“Tagtlaryň oýny” serialynda Deýneris Targarieniň keşbi bilen belli bolan Emiliýa Klark we onuň ejesi Jennifer “SameYou” haýyr-sahawat guramasynyň döredilendigi üçin Britaniýa imperiýasynyň ordeniniň kawalerleri boldular. Döwlet baýragynyň laureatlarynyň sanawy hökümet saýtynda ýerleşdirildi. Bu barada rbc.ru habar berýär.

“SameYou” (terjime edilende “şol bir siz”) kelle-beýni şikeslerini başdan geçiren adamlara kömek berýän haýyr-sahawat guramasydyr. Onuň döredijileri hatda şeýle başdangeçirmeden soň hem adamyň öňküsi ýaly bolup galýandygyny düşündirmek isleýärler.
Emiliýa Klark 37 ýaşynda. Ol “Terminator: Genezis”, “Seniň bilen ýene görüşýänçäk””, “Han Solo: Ýyldyz söweşijileri: Waka” ýaly filmlerde hem surata düşdi. 2019-njy ýylda “Time” žurnaly ony dünýäniň iň abraýly 100 adamynyň biri diýip atlandyrdy. Emiliýa Klark “Tagtlaryň oýny” serialynyň üstünde işlenilýän wagty iki gezek beýnä gan inmesini başdan geçirdi, ýöne surata düşmekden ýüz öwürmedi.
Adatça, Britaniýanyň döwlet baýraklarynyň laureatlarynyň sanawy ýylda iki gezek – Täze ýyldan öň we iýunda, monarhyň resmi doglan gününiň bellenilýän wagty neşir edilýär. Neşir edilen resminamada jemi 1,2 müňden gowrak adam bar.


düýn 19:18
3k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......