SpaceX bir ýylda uçurylan raketalaryň sany boýunça täze rekord goýdy

  • 31.12.2023 20:08
  • 3.2k+

«SpaceX» kompaniýasy şu ýyly ajaýyp netijeler bilen tamamlar. Ol 2023-nji ýylda jemi 97 sany «Falcon» raketasyny uçurdy. Bu 2022-nji ýylda uçurylan 60 raketa bilen deňeşdirilende, örän uly netije.

Işgärleriň özleri has uly maksatlarynyň bardygyny aýdýarlar – olar tamamlanyp barýan ýylda 100 uçuryş amala aşyrmagy umyt edýärdiler. Muňa garamazdan, olaryň işi eýýäm haýran galdyryjy görkezijilere eýe boldy.
«SpaceX» 2023-nji ýylda 90 sany «Falcon 9» raketasyny we dört sany «Falcon Heavy» raketasyny uçurdy. Kompaniýa ýylyň ahyryna çenli ýene üç gezek (iki sany «Falcon 9» we bir «Falcon Heavy») raketa uçurmagy meýilleşdirýär. Eger şowly tamamlanmadyk iki sany «Starship» synag uçuşyny göz öňünde tutsak, kompaniýa şu ýyl 99 raketa uçuşyny amala aşyrdy.


23.05.2026 15:01
3.6k+

SpaceX adamzat taryhynda iň uly raketa bolan Starship-i üstünlikli uçurdy

SpaceX amerikan kompaniýasynyň geljekde Aýa we Marsa uçuşlar üçin niýetlenen, Super Heavy V3 göteriji raketasy bolan Starship super-agyr kosmos ulgamynyň synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Uçuş 22-nji......

22.05.2026 08:14
3.2k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......

19.05.2026 23:21
2.4k+

Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin......

15.05.2026 12:36
2.7k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......