Daşkentde Türki dünýäsiniň kinematograflarynyň assosiasiýasy döredildi

  • 29.12.2023 14:57
  • 9.9k+

TÜRKSOÝ halkara guramasynyň başlangyjy bilen Daşkentde Türki dünýäsiniň kinematograflarynyň birleşigi (Assosiasiýa) döredildi. Guramaçylyk ýygnagyna türki dilli ýurtlaryň kino pudagynyň ýolbaşçylary gatnaşdy diýip, Trend habar berýär.

Bu assosiasiýa türki dünýäsiniň kino sungatyny janlandyrmak, bilelikdäki kino taslamalaryny döretmek, bilelikdäki täze filmleri öndürmek, şeýle-de iň gowy filmleri halkara arenasyna çykarmak, türki dilli döwletleriň filmleri üçin bir umumy kinoprokat ulgamyny döretmek maksady bilen döredildi.
Ileri tutulýan ugurlaryň biri Daşkent halkara kinofestiwalynyň we “Gorkut-Ata” halkara kinofestiwalynyň derejelerini dünýä ülňülerine ýetirmekdir.
Geljekde türki halklaryň bilelikdäki kino taslamalary üçin platforma bolup hyzmat etjek Türki dünýäsiniň kinoakademiýasyny döretmek meýilleşdirilýär.  


düýn 11:22
4.1k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

düýn 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......