Hyundai ýaryşlara gatnaşjak wodorod-elektrikli awtoulagyny çykarar

  • 27.12.2023 14:40
  • 7.5k+

Hyundai kompaniýasy öň konsept-karda görkezilen wodorod-elektrikli güýç gurluşy bolan awtoulag N Vision 74-iň çäkli nusgasyny çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada Koreýanyň ETNews neşiri habar berdi.

Awtoulag retro kupe görnüşinde ýasaldy hem-de iki elektrik hereketlendirijisinden we wodorod hereketlendirijisinden ybarat elektrik gurluşy bilen herekete getirilýär. Ilkibaşda awtoulagyň kuwwaty 670 at güýjüne deň diýlip habar berlipdi, ýöne Hyundai-yň inženerleri ony 800 at güýjüne ýetirmegi başardylar.
Hyundai N Vision 74 çäkli - 100 birlik nusgada önümçilige çykarylar, olaryň diňe 70-si bazara çykar, galan 30-sy ýaryş üçin niýetlenendir. Haýsy ýaryşlardygy entek takyk belli däl. Ulagyň önümçiliginiň 2026-njy ýyldan soň başlamagyna garaşylýar.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....