Gonkongda gapylary iki tarapa açylýan Skyworth Skyhome ulagy tanyşdyryldy

  • 27.12.2023 13:00
  • 10k+

Gonkongda gapylary iki tarapa açylýan kupe görnüşli «Skyworth Skyhome» ulagy tanyşdyryldy.

Model köpçülikleýin önümçilige 90% taýýar. Ol ýüzi we barmak yzyny tanamak ulgamy ornaşdyrylan iki tarapa açylýan gapylar bilen enjamlaşdyrylandyr. Awtoulagda 21 dinamikli ses ulgamy, öňdäki panelde bolsa media ulgamynyň ekranyny we gurallar toplumyny özünde jemleýän displeý ýerleşdirilipdir.
Yzky hatardaky ýolagçylar üçin gorizontal ýagdaýa getirilip bilinýän aýratyn oturgyçlar göz öňünde tutulypdyr. Ýolagçylara wideo görmek üçin aýratyn ekranlar we aýaklar üçin massaž aýratynlygy elýeterlidir.

«Skyworth Skyhome» ulagynyň hereketlendiriji ulgamynda onuň tizligini noldan 100 km/sagada 3,5 sekuntda ýetirmäge ukyply iki sany elektromotor ýerleşdirildi. Olaryň jemi kuwwaty – 617 at güýji. Hereket ätiýaçlygy bolsa 490 km.
Ortaky sütünleriniň ýoklugy kuzowyň ýeterlik derejede berk däldigi barada pikirlendirýär, ýöne munuň prototipdigini bellemek gerek. Bu çözgüdiň 2024-nji ýylda öndürilip başlanjak köpçülikleýin modeline giriziljekdigi ýa-da girizilmejekdigi heniz belli däl.


düýn 09:36
2.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......