Özbegistan bilen Gyrgyzystan «Altyn Tulpar» zawodynda bilelikde awtomobil öndürer

  • 27.12.2023 12:02
  • 18k+

Özbegistan we Gyrgyzystan 2024-nji ýyldan başlap 12 awtomobil modeliniň bilelikdäki önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Gyrgyzystan Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýew aýtdy. Muny GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp, Trend ýetirýär.

Ol häzirki wagtda “UzAwtoSanoat” kompaniýasy bilen bilelikdäki taslama bolan “Altyn-Tulpar” ady bilen awtoulag gurnama zawodyny ulanylyşa girizmäge taýýarlyk görülýändigini belledi.
Maglumatlara görä, zawodyň gurluşyk we kadalaýyş işlerini tamamlap, geljek ýyl işläp başlamagyna garaşylýar. Taslama Özbek-Gyrgyz ösüş gaznasy arkaly maliýeleşdirilýär. Gyrgyzystanda awtomobilleriň we täjirçilik enjamlarynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça hyzmatdaşlyk baradaky şertnama ýanwar aýynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Gyrgyzystana döwlet saparynyň çäklerinde gol çekildi.
Taslamany 30 müň awtomobil we täjirçilik enjamlaryny öndürmek meýilnamasy bilen üç tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.


22.02.2026 01:47
5.5k+

Özbegistanda aşa çydamly kompozitlerden Magnus Aircraft uçarlary ýygnalyp başlanar

Özbegistan Wengriýanyň "Magnus Aircraft" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda kiçi awiasiýa önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu baradaky ylalaşyk Özbegistanyň ulag ministriniň orunbasarynyň uçar öndürijiniň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygynda gazanyldy...

26.01.2026 07:39
17k+

Özbegistan çykanyna 50 ýyl bolan awtoulaglary ulanyşdan aýrar: häzir şeýle 88 müňe golaý ulag bar

Özbegistanda 1-nji fewraldan başlap, öndürilenine 50 we ondan köp ýyl bolan ulag serişdelerini ulanmaga hem-de täzeden hasaba almaga gadagançylyk güýje girýär. Gadagançylyk antikwar (gadymy) awtomoto ulaglara degişli däl...

26.10.2025 21:51
8.8k+

Özbegistanda täzelenen Chevrolet Cobalt öndürilip başlandy: 50-den gowrak üýtgetme girizildi

Özbegistanyň UzAuto Motors zawodynda täzelenen Chevrolet Cobalt arzan sedany önümçilige goýberildi. Model iki görnüşde hödürlenýär: Cobalt Style MCM we Cobalt Midnight MCM. Ulag täze hereketlendirijini, dolandyryş bloguny, kämilleşdirilen gaz paýlaýyş ulgamyny, täze ABS we howa ýassygyny dolandyryş modullaryny, şeýle hem güýçlendirilen howpsuzlyk ulgamlaryny we anyklaýyş modulyny aldy...

30.07.2024 15:02
6.4k+

Özbegistanda Chevrolet Lacetti / Gentra-nyň önümçiligi tamamlandy

Özbegistanda Daewoo Gentra ady bilen hem tanalýan Chevrolet Lacetti-niň önümçiligi tamamlandy. Modeliň soňky nusgasy – gara sedan 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda UzAuto Motors konweýerinden düşürildi. Lacetti/Gentra...