3-nji ýanwarda Ýer Güne iň ýakyn nokadyna barar

  • 27.12.2023 11:50
  • 10k+

3-nji ýanwarda Ýer Güne iň ýakyn nokadyna barar, şonuň üçin hem Günüň görünýän diametri ýylyň dowamynda aňrybaş uly bolar. Moskwa Planetariýasynyň metbugat gullugynyň TASS-a beren habaryna görä, Günüň diski iýul aýynyň başyndakysyndan 3% uly görner.

Şol gün planetalaryň arasyndaky aralyk 147 098 988 km (0,983296 AU) bolar.

"2024-nji ýylyň 3-nji ýanwary, çarşenbe güni, Aşgabat wagty bilen sagat 05:38-de Ýer perigeliýde - orbitasynyň Güne iň ýakyn nokadynda bolar. Şol gün Günüň görünýän diametri ýylyň dowamynda iň ulusy bolar . <...> Asman ýagtylgyjynyň tegelegi, bu aralyk iň uzak bolan iýul aýynyň başyndakysyna garanyňda 3% uly görner "- diýip astronomlar takyklaýarlar.

Ýer Günüň daşyndan elliptik orbita boýunça ortaça 29,765 km/s tizlikde aýlanýar. Ol 365 gün, 6 sagat, 9 minut, 10 sekuntda doly aýlawy tamamlaýar. Planetamyzyň orbitasyndaky Güne iň ýakyn nokada perigeliý diýilýär we Ýer ondan ýanwar aýynda geçip gidýär. Häzirki wagtda bu kosmiki jisimleriň arasyndaky aralyk gysgalýar we 147 million km-den gowrak bolýar. Şol bir wagtyň özünde, iýul aýynyň başynda Ýer orbitasynyň Günden iň uzakdaky nokadyna - afeliýä ýetýär. Şol wagt olaryň arasyndaky aralyk 152 million km-den geçýär.

"Günüň diametri burç graduslarynda ölçelýär. Afeliý we perigeliý pursatlarynda Gün diskiniň diametrleriniň arasyndaky tapawut görer göze bildirmeýär, sebäbi Gün diskiniň ululygy alty aýyň dowamynda haýallyk bilen birsydyrgyn üýtgeýär. Ýöne, olary deňeşdirip görseň, 3-nji ýanwarda 3% uly görünýär "- diýip planetariýada düşündirdiler.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.7k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......

09.04.2026 23:43
4k+

«Artemis II» missiýasynyň suratlary näme üçin jedel döretdi?

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde äleme ýol alan «Artemis II» ekipažy tarapyndan düşürilen Ýer şarynyň täze suratlary sosial torlarda birgiden jedellere sebäp boldy. Ýöne gowur turuzmaça-dä däl, hakykatdan hem......