Xiaomi kompaniýasy 28-nji dekabrda ilkinji elektromobilini hödürlär

  • 26.12.2023 23:46
  • 6k+

Täze ýylyň öňüsyrasynda Xiaomi ýene bir tanyşdyrylyş dabarasyny geçirer we Xiaomi EV elektromobilleri üçin firma platformasy barada gürrüň berer. Report agentliginiň habar bermegine görä, bu barada kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szýuna salgylanyp, Gizmochina neşiri ýazýar.

Szýun dabaranyň “Stride” diýlip atlandyrylandygyny we onuň 2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda geçiriljekdigini belledi. Xiaomi awtomobiller üçin firma elektrik hereketlendirijileri, hususy awtodolandyryş ulgamynyň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berer hem-de kompaniýanyň ilkinji elektromobili SU7-niň çykjak senesini we bahasyny mälim eder.
Xiaomi elektromobiliniň üstünde birnäçe ýyl işledi. Onuň işine müňlerçe inžener gatnaşdy, taslama üçin maýa goýumlar bolsa 1,4 mlrd dollardan geçdi. Kompaniýa öz önümi bilen bazarda uly paýa eýe bolmagy we liderlik ugrunda Tesla bilen bäsleşmegi meýilleşdirýär.
Xiaomi elektromobiliniň üç görnüşde çykmagyna garaşylýar: SU7, SU7 Pro we SU7 Max. Gürrüňlere görä, awtomobilleriň göwrümi 4997/1963/1455 mm, teker bazasy 3000 mm barabar.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....