Apple Vision Pro äýneginiň çykjak senesi mälim edildi

  • 26.12.2023 09:12
  • 3.9k+

«Apple» kompaniýasy «Apple Vision Pro» giňeldilen hakykat äýnekleriniň önümçiligini artdyrdy we ony 2024-nji ýylyň fewral aýynda tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär.

Täze enjamyň önümçiligi Hytaýdaky zawodlarda güýçli depginde alnyp barylýar we birnäçe hepde bäri dowam edýär. Çeşmeleriň berýän habaryna görä, hyzmatdaşlar üçin niýetlenen enjamlaryň 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli taýyn bolmagy maksat edinilýär, bölekleýin satuwa bolsa indiki aýda çykarmak meýilleşdirilýär.
Çarşenbe güni «Apple» programma üpjünçiligini işläp düzüjilere elektron hat iberdi we ykjam programmalaryny iň täze işläp taýýarlama gurallary arkaly synap, «Vision Pro-nyň» çykmagyna «taýyn» bolmaga çagyrdy. Bu onuň ýakyn wagtda tanyşdyryljakdygynyň ýene bir subutnamasydyr.
«Bloomberg-iň» habaryna görä, «Apple» uzakmöhletleýin täze satuw strategiýalaryny talap edýän iň kyn önüm çykarylyşy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Enjam satuw nokadynda ýygnalmaly we gaplanmaly aýratyn böleklerden ybaratdyr. Mundan başga-da, «Vision Pro» ulanyjynyň kellesinde dogry berkidilmedik bolsa, enjam kontenti dogry görkezmez we örän agyr işleýän ýaly duýlup bilner.


09.06.2026 23:04
2.3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....