Türkmenistanyň Baş arçasy GDA-da iň beýik arça boldy

  • 25.12.2023 22:57
  • 22k+

Ýurdumyzyň “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançany bezeýän Baş arça GDA ýurtlarynyň Täze ýyl nyşanlarynyň arasynda iň beýik arça boldy. Bu barada ORIENT habar berýär.

Baş arçanyň beýikligi 44 metre barabar. Reýtinginiň ikinji ornuny Ýerewanyň arçasy eýeledi (37 metr), liderleriň üçlügini Özbegistanyň paýtagtynda ýerleşdirilen Baş arça jemledi (35 metr).
Sanawyň yzyny Bakuwyň arçasy (34 m), Bişkegiň (32 metr), Duşanbeniň (30 m), Minskiň (28 m), Astananyň (25 m), Moskwanyň (25 m) we Kişinýowyň arçasy (20 m) dowam edýär.
Ýeri gelende bellesek, bu Türkmenistanyň Täze ýyl arçasynyň ilkinji rekordy däl. Ýurduň baýramçylyk nyşany GDA-da iň beýik arça adyny eýýäm 5 ýyldan gowrak wagt bäri saklaýar, onuň beýikligi bolsa ýyl-ýyldan artýar.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......