Hytaýyň elektromobil öndürijisi bolan BYD Ýewropada ilkinji zawodyny açar

  • 25.12.2023 15:42
  • 9.8k+

Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Siýýarto dünýäniň iň iri elektrik ulaglaryny öndürijileriniň biri bolan Hytaýyň «BYD Co.» kompaniýasynyň Ýewropada ilkinji zawodyny Wengriýanyň Seged şäherinde açmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Ministr zawodyň gurluşygynyň Wengriýanyň ykdysady taryhyna iň uly maýa goýumlarynyň biri boljakdygyny we müňlerçe täze iş orunlaryny döretjekdigini belledi.
Seged şäheriniň häkimi Laslo Botka şäheriň geografik taýdan amatly ýerleşişi we logistika mümkinçiliklerine eýe bolmagy sebäpli beýleki bäsdeşleriň arasyndan saýlanandygyny aýtdy. Seged Serbiýa bilen serhetde we “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäklerinde Hytaý bilen bilelikde gurlan demir ýoluň golaýynda ýerleşýär.
Elektrik ulaglary üçin litiý-ion batareýalaryny öndürmek boýunça birnäçe iri zawodlar Wengriýada eýýäm işleýär, şolaryň hatarynda Koreýanyň «Samsung» we Hytaýyň «CATL» kompaniýalaryna degişli zawodlar hem bar.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......