BMW dünýäde iň uly we kaşaň elektroýahtany döreder

  • 25.12.2023 14:08
  • 17k+

Nemes awtoulag öndürijisi «BMW» «lýuks» derejeli gämileri öndüriji «Tyde» kompaniýasy bilen bilelikde dünýädäki iň uly we iň kaşaň elektrik ýahtasyny döreder. Bu barada «Tyde» kompaniýasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Mälim bolan aýratynlyklara görä, «Open Tyde» diýlip atlandyryljak gäminiň uzynlygy 14,7 metr, iki 4,5 metr bolar. Gäminiň suw sygymy 11,5 tonna bolar.
Bu ýahta hersi 100 kW kuwwatly iki sany elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün ediler we bu oňa 30 uzel (sagatda 55,5 km) tizlige ýetmäge mümkinçilik berer. «Open Tyde» gämisiniň 400 kWt batareýasynyň bir zarýadda geçýän aralygy kadaly deňiz tizliginde (kreýser tizliginde), takmynan, 50 deňiz miline (92 km) deň bolar. Gäminiň üçegi ýüzüş aralygyny artdyrmak üçin Gün panelleri bilen örtüler.
«Tyde» bilen «BMW-niň» öňki bilelikdäki taslamasy – «The Icon» atly kaşaň elektrikli kater «BMW i3» elektrik awtoulagynyň akkumulýatorlary bilen enjamlaşdyryldy. «Open Tyde» hem nemes elektrik awtoulagynyň batareýalary bilen üpjün edilip bilner.
Täze ýahtada bir adamlyk kaýuta we hammamly iki adamlyk ýatylýan otag göz öňünde tutular. «Open Tyde» gämisiniň bahasy kesgitlenilmedi, ýöne ondan öňki «Icon-yň» bahasy 2 million ýewro bolupdy.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......