Volkswagen täze modelleriniň işlenip taýýarlanyş wagtyny bir ýarym esse azaldar

  • 25.12.2023 13:54
  • 8.2k+

Volkswagen kompaniýasy häzirki maliýe strategiýasynyň bir bölegi hökmünde goşmaça pul tygşytlamagyň usulyny tapdy. VW täze modellerini has çalt işläp taýýarlar - häzirki 50 aýyň ýerine üç ýylda. Mundan başga-da, synag prototipleriniň sany iki esse azalar.

Täze çäreler işläp taýýarlanyş prosesiniň maddy tarapyny tygşytlar we kompaniýanyň bazaryň talaplaryna has çalt jogap bermegine mümkinçilik döreder. Täze modelleriň döredilmegini güýçlendirsek, kompaniýa aýlyk haklary we bu işiň maddy goldawy üçin az çykdajy eder. Şol bir wagtyň özünde, Volkswagen-iň ynandyryşy ýaly, ösüş wagtyny we synag ulaglarynyň sanyny azaltmak öndürilýän awtoulaglaryň hiline ýa-da howpsuzlygyna täsir etmez.
Firmanyň hasaplamalaryna görä, bazara täze önümleri 50 däl-de, 36 aýda taýýarlamak 2028-nji ýyla çenli bir milliard ýewrodan gowrak puly tygşytlamaga mümkinçilik berer. Synag prototipleriniň az bolmagy her ýyl 400 million ýewrony tygşytlar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

14.05.2026 11:11
4.7k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......