Tim Kuk puluny nädip gazanýar we harçlaýar

  • 25.12.2023 12:09
  • 17k+

Forbes-iň maglumatlaryna görä, Apple-iň baş direktory Tim Kukuň baýlygy 2 milliard dollar. Ýöne pulunyň bu mukdaryna garamazdan, ol dünýädäki iň baý adamlaryň arasynda bary-ýogy 1647-nji orny eýeleýär. Şol bir wagtyň özünde, Kukyň 10 million dollara durýan jaýy bar we haýyr-sahawat işi bilen meşgullanýar diýip, Business Insider ýazýar.

Tim Kukyň arassa öz maýasy, takmynan, Apple-iň 3,3 millionlyk paýnamasyny öz içine alýar, bu kompaniýanyň häzirki bahasy boýunça, takmynan, 651,8 million dollar diýip kesgitlenýär. Kuk özüniň ummasyz aýlyk haky Apple-iň paýdarlarynyň arasynda agzalalyk döredensoň, 2023-nji ýylda aýlyk hakynyň azaldylmagyny talap etdi.
SEC-iň hasabatyna görä, Kukyň 2023-nji ýyldaky umumy el haky puly 49 million dollar diýip kesgitlendi, bu 2022-nji ýylda töleneninden 40% köpdür. Resminamadaky ýene bir üýtgeşme, aýlygynyň köp böleginiň Apple-iň paýnamalaryň ösüşine bagly boljakdygyny görkezdi.
Kuk baýlygynyň bir bölegini gozgalmaýan emläge sarp etdi. Onuň esasy rezidensiýasy - Kaliforniýa ştatynyň Palo-Alto şäherinde meýdany 223 m² bolan jaý. Şeýle hem, Kaliforniýanyň La-Kwinte şäherinde 2021-nji ýylda, takmynan, 10 million dollar töläp alan örän giň jaýy bar. Millioneriň öýünde iki aşhana, bäş ýatylýan otag, alty sany hammam we howuz bar.
Şeýle hem, SEC-iň resminamalary onuň 2019-njy ýylda Roždestwonyň yzysüre ady agzalmadyk haýyr-sahawat guramasyna 2 million dollar peşgeş berendigini görkezýär. 2018-nji ýylyň awgust aýynda bolsa ady agzalmadyk başga bir haýyr-sahawat guramasyna 5 million dollar töweregi pul berdi. Öň beren sadakalaryndan Robert F. Kennediniň Adalat we adam hukuklary merkezine hem-de Adam hukuklary kampaniýasyna maliýe goldawy mälimdir.
Mundan başga-da, Apple-iň baş direktory Kuk Amazonkanyň tropiki tokaýlaryndaky ýangynlar we Kaliforniýadaky ýaşaýyş jaý krizisi üçin kompaniýanyň 2,5 milliard dollar goşmaça jemgyýetçilik sadakalaryny wada berýändigini yglan etdi.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....