Mongoliýanyň syýahatçylykdan alýan girdejisi ilkinji gezek 1 milliard dollar boldy

  • 23.12.2023 16:50
  • 25k+

Syýahatçylyk ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp ýerli metbugatyň habar bermegine görä, Mongoliýanyň syýahatçylyk girdejisi ilkinji gezek 1 milliard dollar boldy.

“2023-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda Mongoliýa 600 müňden gowrak daşary ýurtly syýahatçy geldi. Bu döwürde şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Mongoliýa gelen syýahatçylaryň köpüsi rus, hytaý we günorta koreý syýahatçylarydy" - diýip habarda aýdylýar.

Pudakda syýahatçylyk möwsümini uzaltmak we noýabr aýyndan aprel aýyna çenli syýahatçylaryň sanyny köpeltmek üçin gyş dynç alşyny ösdürmek boýunça taslamanyň üstünde işleýändiklerini aýtdy.
Häzirki wagtda Mongoliýanyň ykdysadyýeti, esasan, magdan gazyp almak we mineral baýlyklaryň eksportyna baglydyr. Syýahatçylyk pudagynyň ösüşi ykdysady diwersifikasiýa üçin iň elýeterli çözgüt hasaplanýar.
Mongoliýanyň hökümeti ykdysadyýeti giňeltmek we pandemiýa sezewar bolan syýahatçylyk pudagyny ösdürmek üçin 2023, 2024 we 2025-nji ýyllary "Mongoliýa baryp görmek ýyllary" diýip yglan etdi.


şu gün 00:59
618

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.2k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4.1k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....