Raşid Meredow Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça teklipleri hödürledi

  • 23.12.2023 09:00
  • 11k+

22-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen syýasy, durmuş-ykdysady, ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer bu däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak maksady bilen, Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda BMG-niň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip etdi. Bu başlangyjy amala aşyrmak, şeýle-de agzalan Strategiýanyň esasy ugurlaryny we many-mazmun taýdan görnüşini kesgitlemek maksady bilen, BMG-niň çäklerinde degişli iş toparyny döretmegi öwrenmek meselesine garamak teklip edilýär. Onuň düzümine Bitaraplygyň dostlary toparyna girýän döwletleriň wekilleri girip bilerler.
Häzirki wagtda döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Aşgabatdaky BMG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň» çäklerinde döredilen degişli Milli iş toparlarynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin şeýle maksatnamany taýýarlamagyň maksadalaýykdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde degişli işe başlamak teklip edilýär.
Şeýle-de Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça pudagara toparynyň çäginde howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça hünärmenler toparyny döretmek we bu topara Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (СOP28) kararlaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin “Ýol kartasyny” işläp düzmegi tabşyrmak teklip edilýär. Türkmenistanda geçirilen Ýaşlar maslahatynyň netijeleri boýunça we türkmen ýaşlarynyň BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen 18-nji Bütindünýä ýaşlar maslahatyna gatnaşmagy esasynda 2024-nji ýyl üçin howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we uýgunlaşmak boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamak hem teklip edilýär.
Ýurdumyzyň ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri adamlaryň azatlyklaryny we hukuklaryny goramaga gönükdirilendir. Bu babatda öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň Adalatçysynyň ähmiýeti uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň mümkinçiliklerini güýçlendirmek maksady bilen, Adalatçynyň diwanynyň gurluşynda çagalaryň, zenanlaryň we telekeçileriň hukuklaryny goramak boýunça täze ugurlary açmak meselesini öwrenmek teklip edilýär.


şu gün 14:32
2.9k+

Serdar Berdimuhamedow Yragyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nizar Amedini Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 14:07
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti meýdan we gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda welaýatlarda alnyp barylýan häzirki......

düýn 11:59
8.6k+

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary parahatçylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýetini nygtady

Awstriýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima bilen duşuşyk geçirdi....

düýn 00:13
4.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada «TDH» habar berýär....