Forbes 2023-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan zenan türgenlerini belli etdi

  • 23.12.2023 15:52
  • 4.1k+

2023-nji ýylyň jemi boýunça iň köp girdeji gazanan zenan türgen ýekelikde dünýäniň birinji raketkasy, polşaly tennisçi Iga Swýontek boldy. Reýting “Forbes” žurnaly tarapyndan düzüldi diýip, MIR 24 habar berýär.

Türgeniň girdejisi salgytlardan we agent töleglerinden öň 23,9 million dollar boldy. Olardan 9,9 million dollary ýaryşlardaky baýrakly orunlary üçin aldy. Ýene 14 milliony Swýontek hemaýatkärlik şertnamalary arkaly gazandy.
Ikinji orny 22,1 million dollar gazanan hytaýly fristaýlçy Eýlin Gu eýeledi. Türgeniň baýragy umumy mukdardan 100 müň dollara barabar, galan girdeji mahabat şertnamalarynyň paýyna düşýär.
Liderleriň üçlügini 21,7 million dollar bilen amerikaly tennisçi Kori Gauff jemledi. Şolardan 6,7 million dollary baýrak hökmünde aldy, 15 million dollar hemaýatkärlik şertnamalaryndan geldi.
Iň köp girdeji gazanan zenan türgenleriň onlugyna birbada dokuz tennisçi, şol sanda Emma Radukany (Beýik Britaniýa), Naomi Osaka (Ýaponiýa), Arina Sobolenko (Belarus), Jessika Pegula (ABŞ), Winus Uilýams (ABŞ), Ýelena Rybakina (Gazagystan), Leýla Fernandes (Kanada) girdi.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......