2023-nji ýylyň iň göreldeli muzeý işgäri belli boldy

  • 22.12.2023 18:06
  • 9k+

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri  Sülgün Ahmedowa «2023-nji ýylyň  iň göreldeli muzeý işgäri» adyna mynasyp boldy.

22-nji dekabrda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde  Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň guramagynda «Täze Galkynyş  döwri  we milli miras» atly bäsleşigiň  jemleýji tapgyry  geçirildi.  Onuň dowamynda  deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan  ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden  jemi 16 muzeý işgäri «2023-nji ýylyň  iň göreldeli muzeý işgäri» adyna eýe bolmak ugrunda  özara bäsleşdiler.
Bäsleşigiň esasy şertleri oňa gatnaşyjylaryň ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ösüşi, ýaşlar syýasaty barada ylmy maglumat ýazmak, muzeý işi,  milli mirasymyz  barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek, ony wagyz etmek, muzeý esbaplaryny toplamak bilen onuň gaznasyny baýlaşdyrmak, taryhy ýadygärliklere ekskursiýalary guramak, usuly gollanma taýýarlamak ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle-de olar Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi»  atly kitabyndan bir parçany çeper ýerine ýetirmek, Türkmenistanyň taryhyna, muzeý işine degişli berlen sowallara jogap bermek boýunça ýaryşdylar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we gatnaşyjylaryna  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi  we Türkmenistanyň  Medeniýet ministrligi tarapyndan gymmatbahaly  sowgatlar, höweslendiriji baýraklar we  hormat hatlary gowşuryldy.

şu gün 20:25
2k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
2.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
2.2k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......