2023-nji ýylyň iň göreldeli muzeý işgäri belli boldy

  • 22.12.2023 18:06
  • 9k+

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri  Sülgün Ahmedowa «2023-nji ýylyň  iň göreldeli muzeý işgäri» adyna mynasyp boldy.

22-nji dekabrda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde  Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň guramagynda «Täze Galkynyş  döwri  we milli miras» atly bäsleşigiň  jemleýji tapgyry  geçirildi.  Onuň dowamynda  deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan  ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden  jemi 16 muzeý işgäri «2023-nji ýylyň  iň göreldeli muzeý işgäri» adyna eýe bolmak ugrunda  özara bäsleşdiler.
Bäsleşigiň esasy şertleri oňa gatnaşyjylaryň ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ösüşi, ýaşlar syýasaty barada ylmy maglumat ýazmak, muzeý işi,  milli mirasymyz  barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek, ony wagyz etmek, muzeý esbaplaryny toplamak bilen onuň gaznasyny baýlaşdyrmak, taryhy ýadygärliklere ekskursiýalary guramak, usuly gollanma taýýarlamak ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle-de olar Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi»  atly kitabyndan bir parçany çeper ýerine ýetirmek, Türkmenistanyň taryhyna, muzeý işine degişli berlen sowallara jogap bermek boýunça ýaryşdylar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we gatnaşyjylaryna  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň  Milli merkezi  we Türkmenistanyň  Medeniýet ministrligi tarapyndan gymmatbahaly  sowgatlar, höweslendiriji baýraklar we  hormat hatlary gowşuryldy.

вчера 20:25
4.4k+

Вниманию водителей: вот какие вещи не стоит оставлять в машине летом

Высокая температура внутри автомобиля в летний период представляет серьезную опасность не только для забытых вещей, но и для безопасности самого водителя и пассажиров. Эксперты предупреждают, что салон машины......

вчера 20:19
5.5k+

Семья Месси опровергла слухи о смерти его отца и призвала СМИ к человечности

Семья капитана сборной Аргентины и нападающего «Интер Майами» Лионеля Месси выступила с официальным заявлением, в котором подтвердила, что его 68-летний отец Хорхе переживает серьезные проблемы со здоровьем.......

вчера 19:55
3.9k+

К северу от Лондона столкнулись два поезда, 89 человек получили ранения

К северу от Лондона произошло столкновение двух пассажирских поездов. По сообщению британской транспортной полиции, в результате аварии погиб машинист, еще 89 человек получили ранения различной степени......

вчера 16:49
1.9k+

Работу Бэнкси «Метатель цветов» оценили в $7,2 млн: ее выставят на торги

Аукционный дом Sotheby’s выставит на торги в Лондоне работу британского стрит-арт-художника Бэнкси «Любовь витает в воздухе», более известную как «Метатель цветов». Максимальная оценочная стоимость лота......