Subaru Tokioda geçiriljek sergide WRX we BRZ sport awtoulaglaryny tanyşdyrar

  • 22.12.2023 17:45
  • 4.5k+

«Subaru» 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek Tokio awtoulag sergisinde «WRX» we «BRZ» awtoulaglarynyň täze sport görnüşlerini görkezer. Bu barada awtoulag öndürijisiniň metbugat gullugy habar berdi.

Ýapon kompaniýasynyň bölüminde çäkli sanda öndürmek meýilleşdirilýän «WRX S4 STI Sport-yň» ýörite nusgasy tanyşdyrylar. Awtoulag kämilleşdirilen dolandyrylyşy we hereketiniň ýeňilligi bilen tapawutlanar. Täze awtoulagyň suratynda onuň bagažnik gapagynda spoýleriň ýerleşdiriljekdigini we täze teker diskleri bilen üpjün ediljekdigini görmek bolýar. Awtoulag öndürijisi tanyşdyrylyşdan öň täze ulagyň jikme-jik tehniki aýratynlyklaryny aýan etmeýär.
Ýapon kompaniýasy «Super GT 2023» çempionatyna gatnaşmak üçin taýýarlanan «Subaru BRZ GT300» ýaryş kupesini hem görkezer.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....