Ford Hindistanda soňky awtoulag gurnama zawodyny satmakdan ýüz öwürdi

  • 21.12.2023 16:22
  • 7.5k+

Ford Hindistanyň Çennai şäherindäki (Tamilnad ştaty) awtoulag gurnama zawodyny satmakdan ýüz öwürdi, bu kompaniýanyň dünýäde üçünji iri awtoulag bazaryna dolanmak niýetiniň bardygyny görkezýär. Bu barada The Economic Times gazeti çeşmelere salgylanyp ýazýar.

Olaryň berýän maglumatlaryna görä, Ford dekabr aýynyň başynda ýurtdaky soňky zawodyny hindi JSW Group-a satmak baradaky 100 million dollarlyk geleşigini garaşylmadyk ýagdaýda ýatyrdy we indi bu kärhanany satmak islemeýär.
Ford India-nyň wekili neşire: "Çennai-däki zawodymyz üçin alternatiw wariantlary gözlemegi dowam etdirýäris" – diýip tassyklady.
Ýylda 150 000 awtoulag we 340 000 hereketlendiriji öndürýän Çennai zawody koronawirus pandemiýasy bilen bagly Hindistanda ýolagçy awtoulaglaryna bolan islegiň azalmagy sebäpli 2022-nji ýylyň iýul aýynda ýapylypdy.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

23.05.2026 20:38
5k+

Tata dünýäniň iň arzan awtomobilleriniň biriniň täzelenen görnüşini çykardy

Hindistanyň Tata kompaniýasy dünýäniň iň elýeterli modelleriniň biri hasaplanýan Tiago hetçbeginiň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Awtomobiliň doly göwrümli resmi premýerasy 28-nji maýda meýilleşdirilýär....