Türkiýe 2023-nji ýylyň fewralyndaky ýertitremeleriniň zyýany 110 milliard dollar diýip hasaplady

  • 21.12.2023 16:20
  • 23k+

2023-nji ýylyň fewral aýynda bolup geçen ýertitremeleriniň Türkiýä ýetiren umumy zyýany 110 milliard dollar boldy. Muny ýurduň ekologiýa we şähergurluşyk ministri Mehmet Ozhaseki habar berdi we Türkiýäniň çäginiň 66% -iniň seýsmiki töwekgelçilik zolagynda ýerleşýändigini mälim etdi.

Ministr parlamentde ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň 2024-nji ýyl üçin býujetini ara alyp maslahatlaşanda: "6-njy fewralda bolup geçen ýertitremelerinde çeken  umumy ýitgilerimiziň mukdary 110 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Ýurdumyzyň çäginiň 66% -i we raýatlarynyň 71% -i birinji we ikinji kategoriýalara degişli ýertitreme howply zolaklarda" — diýdi. Onuň sözlerine Gazete Pencere salgylanýar.
7,7 we 7,6 ball magnitudaly ýertitremeleri 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda boldy. Ýer yranmasyndan soňky müňlerçe afterşoklar giň çäklerde we goňşy ýurtlarda duýuldy. Ozal Türkiýäniň hökümeti ýertitremelerinden çekilen zyýanyň 100 milliard dollardan geçendigini habar beripdiler. Fewral aýynda bolup geçen ýertitremeler respublikany ýertitremä durnukly ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga gönükdirilen şähergurluşyk syýasatyna täzeden garamaga mejbur etdi.


09.06.2026 07:41
10k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
9.3k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....