Daşary ýurtly aýdymçylar Aşgabatda Täze ýyl konserti bilen çykyş eder

  • 21.12.2023 22:11
  • 49k+

24-26-njy dekabrda Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtly artistleriň konserti geçiriler. Konsertde aýdymçylar Emin Rasen, Nýuşa, Olga Şultaýs, şeýle hem türkiýeli aýdymçylar Burak Bulut we Kurtuluş Kuş çykyş eder diýip, Türkmenistan Medeniýet ministrliginiň saýty habar berdi.

Emin Raseniň çykyşy 24-nji dekabrda 18:00-a meýilleşdirildi.
Türkiýeli estrada ýyldyzlary Burak Bulut we Kurtuluş Kuş Aşgabatda 25-nji dekabrda çykyş eder. Bu olaryň Türkmenistana ilkinji sapary bolar.

26-njy dekabrda Nýuşa bilen Olga Şultaýs çykyş eder. Bu konsert Nýuşanyň Türkmenistandaky üçünji çykyşydyr.
Habarlaşmak üçin 21-26-58, 21-26-74, 21-26-71, 21-28-41 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!


düýn 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......